Mineral dökünleriň bahasy ýokary isleg we birnäçe ýurtlarda ýetmezçilik sebäpli galýar. Bazar şertleriniň gowy bolmagyna garamazdan, Russiýadaky we daşary ýurtlardaky birnäçe kompaniýalar önümçilik kuwwatyny giňeltmek meselesine seresaplylyk bilen çemeleşýärler. Bilermenler kompaniýalaryň önümçiliklerini artdyrmak boýunça seresaply hereketlerini dökünleriň bahalarynyň öňümizdäki aýlarda pese düşmek ähtimallygy bilen häsiýetlendirýärler. Bu barada Russiýanyň “Kommersant” gazetinde anna güni çap edilen makalada aýdylýar.
Iýun aýynda ammiagyň, karbamidiň, ammiak selitrasynyň, NPK dökünleriniň, monoammoniý fosfatynyň (MAF) we diamoniý fosfatynyň (DAP) bahalary soňky birnäçe ýylyň dowamynda iň ýokary derejesine ýetdi. Ýylyň başyndan bäri iň ýokary artyş görkezen ammiagyň bir tonnasynyň bahasy (FOB Gara deňiz) iýunda 450 ABŞ dollaryna deň boldy. NPK döküniniň bir tonnasynyň bahasy 300 ABŞ dollaryndan geçdi. Karbamidiň bahasy maýyň ahyrynda - iýunyň başynda 15% ýokarlanyp, bir tonnasynyň bahasy (FOB Gara deňiz) 368 ABŞ dollaryna barabar boldy. Iýunyň ikinji hepdesinde MAP-yň bir tonnasynyň bahasy (Baltika deňzi FOB) iň ýokary derejä – 670 ABŞ dollaryna ýetdi.
“Vygon Consulting” kompaniýasynyň hünärmeni Dmitriý Akişiniň bellemegine görä, bahalaryň COVID-19 pandemiýasyndan öňki ortaça derejeden 1,5 esse ýokarlanmagy diňe dökün pudagynda däl-de, eýsem nebithimiýa, metallurgiýa we agajy gaýtadan işlemek ýaly çig mal pudaklarynda hem duýulýar, bu bolsa artýan islege garamazdan dünýäde dörän logistiki kynçylyklar bilen baglanyşyklydyr. Pandemiýa başlany bäri, logistika hyzmatlarynyň bahalary 2 essä golaý artdy diýip, Dmitriý Akişin aýtdy.
“Gazprombank”-yň ykdysady çaklama merkeziniň maglumatyna görä, mineral dökünleriň bahasynyň ýokarlanmagyna ABŞ dollarynyň inflýasiýasyndan başga-da, gazyň bahasynyň galmagy sebäpli çykdajylaryň artmagy, oba-hojalyk ekinleriň bahasynyň galmagy netijesinde dökünlere bolan islegiň ýokarlanmagy, şeýle hem 2021-nji ýylyň fewral aýynda Tehasda himiýa zawodlarynyň işleriniň togtadylmagy esasynda ýüze çykan ýetmezçilik sebäp boldy.
“Gazprombank”-yň ykdysady çaklama merkeziniň hünärmeni Nina Adamowanyň pikiriçe, ýakyn alty aýda bazar deňagramly ýagdaýa geler, ýöne dökünleriň bahalary 2019-njy ýylyň ahyry - 2020-nji ýylyň başy aralygyndaky derejeden ýokary bolar.
Dmitriý Akişin hem dökün bazarynda bahalaryň aşak düşmegine garaşýar. Onuň pikiriçe, himiýa pudagyndaky logistiki üpjünçilik meseleleri birnäçe aýyň içinde durnukly ýagdaýa gelip biler, bu bolsa bahalaryň adaty derejä gelmegine sebäp bolar. Şunuň bilen baglylykda, bilermen maýa goýum kararlary babatynda netije çykarylanda häzirki bahalaryň ýokarylygyna bil baglamagyň töwekgelçilikli boljakdygyny çaklaýar.