Türkmenistanda Germaniýanyň ykdysadyýet günleri geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Germaniýanyň ykdysadyýet günleri geçiriler
Türkmen-german Iş toparynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar Komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşigi geçirildi. Gepleşigiň barşynda Türkmenistanda ýakyn wagtda 7-nji Germaniýanyň ykdysadyýet günleriniň geçirilmeginiň maksadalaýyklygy beýan edildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, gepleşigiň dowamynda türkmen-german işewürlik-forumlaryny geçirmegiň oňyn tejribesiniň dowam edilmeginiň hem zerurlygy bellenildi.

Türkmen-german Iş toparynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň aýratyn ähmiýeti bellenilip, taraplar Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň we Germaniýanyň söwda-ykdysady ulgamynyň ýolbaşçylarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirmegiň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler.

Şeýle hem, taraplar ikitaraplaýyn özara hereketleriň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depgini bellenilip geçildi.

Mundan başga-da, taraplar bank ulgamy boýunça hem iki ýurduň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň netijeliligini nygtadylar we türkmen banklarynyň hem-de Germaniýanyň “Deutsche Bank” we “Commerzbank” ýaly öňdebaryjy banklarynyň arasynda ygtybarly gatnaşyklaryň alnyp barylýandygy bellenildi.