Türkmenistan Gyrgyzystana iň köp pomidor eksport ediji boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Gyrgyzystana iň köp pomidor eksport ediji boldy
2021-nji ýylyň ilkinji dört aýyndaky Gyrgyzystana edilen pomidor importynyň 55% -i Türkmenistana degişlidir.

Türkmenistan Gyrgyzystana 2021-nji ýylyň ilkinji dört aýynda jemi 3 million 150 müň ABŞ dollaryna barabar bolan 2 müň 956 tonnadan gowrak pomidor eksport edip, 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Gyrgyzystana iň köp pomidor eksport ediji boldy.

Gyrgyzystanyň Döwlet statistika komitetiniň habaryna görä, 2021-nji ýylyň ilkinji dört aýyndaky Gyrgyzystana edilen pomidor importynyň 55% -i Türkmenistana degişlidir.

Gyrgyzystana 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistandan başga-da, Özbegistandan (1726 tonnadan gowrak), Hytaýdan (455 tonna), Eýrandan (160,5 tonna), Gazagystandan (120 tonna), Türkiýeden (900 kg) we Täjigistandan (100 kg) pomidor import edildi.

2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Gyrgyzystana pomidor importynyň mukdary 3 müň tonna, ýagny 2 million 800 müň ABŞ dollary möçberinde artdy. 2020-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Gyrgyzystana jemi 2 million 500 müň  ABŞ dollaryna barabar bolan 2 müň 348 tonna pomidor importy amala aşyryldy.