Türkmenistanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar
Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 64 ýaşaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy 29-njy iýunda doglan güni mynasybetli daşary ýurtly kärdeşleri gutladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halifa bin Zaýed Al Nahaýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gutladylar.

Döwlet Baştutanlary türkmen Liderine berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde mundan beýläk hem uly üstünlik, şeýle hem Türkmenistanyň dostlukly halkyna hem-de Hökümetine geljekde hem ösüşleri arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti 1957-nji ýylyň 29-njy iýunynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda doguldy. Şu ýyl hormatly Prezidentimiz 64 ýaşaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022