Türkiýäniň Prezidentiniň Türkmenistana sapar amala aşyrmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýäniň Prezidentiniň Türkmenistana sapar amala aşyrmagyna garaşylýar
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan (Surat: Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň resmi internet sahypasy)

Häzirki wagtda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana amala aşyrjak saparyna taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada Türkiýäniň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli iberen gutlag hatynda aýdylýar. Gutlag haty Türkmenistanyň resmi metbugatynda çarşenbe güni ýaýradyldy.

Gutlag hatynda Ärdogan gadymy medeniýetlerimiziň umumy gymmatlyklary esasynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüş depgininiň ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryň aýdyň beýany bolup durýandygyny belleýär.

“Türkmenistana boljak saparyň dowamynda Siziň bilen geçiriljek duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Häzir sapara görülýän taýýarlyk çäreleri bilen bagly zerur işler alnyp barylýar” diýip, Türkiýäniň döwlet Baştutany nygtaýar.

Şeýle hem gutlag hatda bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň gün tertibini emele getirýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň bilelikde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirilýär.

Munda başga-da, milli Liderimiziň adyna Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýden, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýandan, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Muhammed bin Raşid Al-Maktumdan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowdan, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-premýeri, Prezidentiň işleri boýunça ministri Mansur bin Zaýed Al Nahaýandan, Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Muhammed bin Zaýed Al Nahaýandan hem gutlag hatlary gelip gowuşdy.