“Wozroždeniýe” Aşgabatda sil suwlaryny sowujy desgalaryň gurluşygyna dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Wozroždeniýe” Aşgabatda sil suwlaryny sowujy desgalaryň gurluşygyna dowam edýär
Bu desga dagdan gelýän laýly ýagyş suwlaryny doly sowmak bilen şäheri silden goramaga mümkinçilik berer.

Russiýanyň “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Aşgabatda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynda esasy gazuw işleriniň agramly bölegini tamamlap, beton işlerine girişdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Häzir kompaniýanyň öňünde sil suwuny toplaýjyny, sorujy beketleri, geçirijini, süzüjini we baş desgalary öz içine alýan kanaldyr turbageçirijiler ulgamyny döretmek, bar bolan kanalyň durkuny täzelemek, ýol işlerini tamamlamak we elektrik üpjünçiligini ýola goýmak işleri dur.

Geçen ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäher häkimligine “Wozroždeniýe” kompaniýasy bilen paýtagtymyzyň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny gurmak boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek baradaky Karara gol çekdi. Ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagyny hem öz içine alýan bu taslama 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga beriler.

Toplumyň taslamasy esasy sil ýollarynyň boýunda göwrümi 1-den 6 million kub metre çenli bolan sil suwuny toplaýjylaryň gurulmagyny öz içine alýar. Bu ýerde toplanan suw ýörite süzgüçli sorujy beketler arkaly kanallara, soňra bolsa şäheriň daşyna akdyrylar. Bu desga dagdan gelýän laýly ýagyş suwlaryny doly sowmak bilen şäheri silden goramaga mümkinçilik berer.

Bu desgalaryň taslama çözgütleriniň işlenip düzülmegine bütin dünýäde şeýle desgalary dizaýn etmek boýunça uly tejribesi bolan Russiýanyň iň iri we iň gadymy taslama institutlarynyň biri – “Sewkawgiprowodhoz” gatnaşdy.

“Wozroždeniýe” kompaniýalar topary ýol-ulag gurluşygy, abadanlaşdyryş işleri we landşaft gurluşygy, tebigy daşlary gazyp almak we gaýtadan işlemek, gurluşyk serişdelerini öndürmek, maýa goýum gurluşygy bilen meşgullanýan Russiýanyň demirgazyk-günbataryndaky iň iri kompaniýalaryň biridir.

Kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasy 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda açyldy. Türkmenistanda iş alyp barýan döwründe kompaniýa 50 kilometrden gowrak birinji derejeli awtoulag ýoluny we 18 sany ýol çatrygyny we köprülerini içine alýan 25-den gowrak infrastruktura desgasyny gurup, ulanmaga berdi.