Eýran Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürýär
Sarahs Ýörite ykdysady zolagy (Surat: IRNA)

Eýran Yslam Respublikasynyň Sarahs Ýörite ykdysady zolagynyň (ÝYZ) dolandyryş müdirliginde ýekşenbe güni söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen “Türkmenistan bilen ykdysady we söwda gatnaşyklary ösdürmek” bölümi döredildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, dabara Eýranyň ýokary derejeli resmileri, Eýranyň Senagat, känler we söwda ministrliginiň wekilleri, şeýle hem Eýranyň Söwda ýardam etmek baradaky guramasynyň ýokary wezipeli işgärleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda, Türkmenistan we sebitiň beýleki döwletleri bilen Sarahs ÝYZ-nyň hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sarahs ykdysady zolagy Merkezi Aziýa ýurtlaryny Pars aýlagy döwletleriniň, Ýewropanyň, Owganystanyň we Pakistanyň söwda bazarlaryna baglamaga ýardam berýär.

Eýranyň Maksadalaýyklygy kesgitleýiş geňeşi Türkmenistan bilen serhetleşýän Inçeburun şäherinde erkin ykdysady zolagyny döretmek baradaky Kanunyny tassyklapdy.