BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr (Surat: AA)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabada resmi iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyry kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýokary wezipeli myhman hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň gün tertibine girizilen wezipeler bilen baglylykda bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýokary derejeli duşuşykda koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek we onuň ykdysady hem-de durmuş taýdan ýaramaz täsirlerini peseltmek we howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň bu sebitde syýasy ýagdaýy durnuklylaşdyrmakda, Owganystanda parahatçylygy we jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmekde uly goşandynyň bardygyny aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyryň ýolbaşçylygynda BMG-niň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda, sebitiň we dünýäniň möhüm meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Şeýle hem Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Glazgoda geçiriljek Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP-26) 26-njy maslahatyna görülýän taýýarlyklar barada pikir alşyldy.

Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa bilen hem duşuşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022