Penşenbe güni Aşgabatda rus wekiliýeti bilen türkmen wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösüş depginini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, iş sapary bilen Aşgabada gelen rus wekiliýetine Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar komitetiniň başlygy Ýewgeniý Grigorýew ýolbaşçylyk etdi. Türkmen tarapyndan duşuşyga wise-premýerler, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedow gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda söwda, sanly tehnologiýalar, innowasion ykdysadyýet we iki ýurduň täjirçilik düzümleriniň arasyndaky özara hereketler ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň geljeginiň uludygy bellenildi.
Şonuň ýaly-da taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasyndaky yzygiderli duşuşyklaryň hem aýratyn netijeliligini belläp geçdiler. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ykdysadyýet ulgamynda özara hereketleriň energetika pudagyndan başlap senagat, ulag, infrastruktura gurluşygy we beýleki giň gerimli ugurlary öz içine alýandygy nygtaldy.
Saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen hem birnäçe duşuşyklary geçirdiler.