Türkmenistanyň Prezidenti Jebelde täze howa menziliniň düýbüni tutar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Jebelde täze howa menziliniň düýbüni tutar
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze howa menzili Balkan welaýatynyň halkara derejeli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde ornunyň pugtalanmagyna ýardam eder.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna amala aşyrjak iş saparynyň çäginde Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutar. Ministrler Kabinetiniň sişenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde degişli hökümet ýolbaşçylary çärä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Milli Liderimiz saparynyň dowamynda Balkanabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabaralaryna hem gatnaşar.

Döwlet Baştutanymyz saparyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, oňa gatnaşýanlar üçin degişli şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň hem halkara derejeli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde ornunyň pugtalanmagyna ýardam eder. Bu bolsa Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen işjeň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şeýle-de mejlisiň dowamynda Milli Liderimiz raýatlaryň Hazaryň kenarynda amatly dynç almaklaryny guramak meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

2022