Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynda “Türkmeniň ak öýi” binasyny açdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynda “Türkmeniň ak öýi” binasyny açdy
“Türkmeniň ak öýi” binasy döwletli maslahatlary we dürli köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlendir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda welaýat merkezi Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, “Türkmeniň ak öýi” binasy döwletli maslahatlary we dürli köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenip, toplumda zerur häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen giň konsert zaly, iş otaglary we beýleki ugurdaş otaglar, eýwan göz öňünde tutulandyr. Ol 3 müň orunlyk sadaka bermek üçin aýratyn binany hem öz içine alýan tutuş desgalar toplumydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merdana halkymyzyň döwletlilik däplerini özünde jemleýän "Türkmeniň ak öýi" binasynyň Balkan welaýatynda alnyp barylýan işleri üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm orny eýelejekdigini, medeniýetimizi hem-de sungatymyzy ösdürmekde, ýaşlarymyzy watançylyk, millilik, zähmetsöýerlik we ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýetiniň boljakdygyny belledi.

Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz iş saparynyň dowamynda Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutdy. Potratçysy bäsleşik esasynda kesgitlenjek bu halkara toplumyň gurluşygy ýurdumyzyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Karz ylalaşygyna laýyklykda maliýeleşdirilýär.

Täze Halkara howa menziliniň umumy meýdany 275 gektara barabar bolar we 200-e golaý iş ornuny döreder.

Taslamanyň düzüminde birnäçe binalardyr desgalar bar. Olaryň hatarynda ýolagçy we ýük terminallaryny, howa hereketini dolandyryş diňi, halas ediş hem-de ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binasy, ýöriteleşdirilen aerodrom we howa gämilerine ýerüsti hyzmat ediş gulluklarynyň binalary ýaly jemi 15 sany esasy desgany görkezmek bolar.

Şeýle hem, bu ýerde uzynlygy 3 müň 200 metr bolan döwrebap uçuş-gonuş zolagy, iki öwrüm ýollary, alty howa gämisine hem-de dört dikuçara niýetlenen meýdança hem gurlar.

Uçarlara ýerüsti hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin täze Halkara howa menzilini dürli görnüşli 45 sany ýöriteleşdirilen ýerüsti tehnikalar bilen üpjün etmek hem göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmeginiň hem-de olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň günbatar welaýatyna bolan iş saparynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Iýun aýynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy boldy. Mundan başga-da, şu ýyl Türkmenistanyň demirgazygyda ýerleşýän Daşoguz welaýatynda hem şeýle binanyň ulanmaga berilmegine garaşylýar.

2022