Eýran bilen Gyrgyzystan “Bandar Abbas – Oş” ulag geçelgesini döretmek barada ylalaşdylar. Bu geçelge Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginden geçer.
Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesiniň (ÝYB) ýurtlarynyň gatnaşmagynda Tähranda çarşenbe güni geçirilen ilkinji ýöriteleşdirilen “Ýewraziýa” sergisiniň çäginde, Eýranyň demir ýol edarasynyň başlygy Said Rasuli bilen Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň prezidenti Danil Ibraýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada “Sputnik Gyrgyzystan” internet neşiri habar berýär.
Duşuşykda taraplar demir ýol arkaly iki ýurdyň harytlarynyň hereket etmegi üçin iň amatly şertleri döretmek babatynda şertnama baglaşdylar.
Habara görä, Eýran “Bandar Abbas – Oş” ulag geçelgesini Eýranyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň üsti bilen işe girizmegiň maksadalaýyklygyny doly goldaýar we Eýranyň demir ýol edarasynyň Gyrgyzystan üçin iň pes tarifleri goýmak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.
Eýranyň iň uly porty hasaplanýan “Bandar Abbas” porty, ýurda getirilýän konteýnerleriň 90%-ni kabul edýär. Bu ýerde dünýäniň 90 portyny birikdirýän 22 sany halkara gämi gatnawy hereket edýär.