“Türkmenistan-ABŞ-Owganystan” formatdaky hereketleriň işjeňleşdirilmegi maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Türkmenistan-ABŞ-Owganystan” formatdaky hereketleriň işjeňleşdirilmegi maslahatlaşyldy
Duşuşykda Türkmenistanyň ýakyn goňşy döwleti bolan Owganystandaky ýagdaýlar boýunça pikirler alşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Daşkentde ABŞ-nyň Prezidentiniň Içerki howpsuzlygyň meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendal we ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda “Türkmenistan-ABŞ-Owganystan” formatdaky hereketleri işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda Türkmenistanyň ýakyn goňşy döwleti bolan Owganystandaky ýagdaýlar boýunça pikirler alşyldy.

Şeýle hem gepleşikde syýasy-diplomatik tagallalar arkaly Owganystanda parahatçylygy ilerletmek babatda türkmen tarapynyň garaýyşlary beýan edildi. Owgan tarapy bilen bilelikdäki taslamalaryň, hususan-da, durmuş-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň edildi. 

Mundan başga-da, taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny, hususan-da, howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, sebitdäki we onuň daşyndaky häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen özara hereketleriň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn mehanizmleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Bu duşuşyk “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahatynyň çäklerinde geçirildi.

2022