Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda benziniň we dizel ýangyjynyň 122 müň 600 tonnasyny Gruziýa eksport etdi. Bu görkeziji Gruziýanyň benzin we dizel ýangyjynyň importynyň umumy möçberiniň 23%-ni düzdi. Bu barada Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijileriniň birleşmesi anna güni habar berdi.
“Türkmenistan şu ýyl esasy ýangyç üpjün edijileriniň birine öwrüldi” diýip, Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijileriniň birleşmesi metbugat beýanatynda belledi we Türkmenistandan dizel ýangyjynyň we A-91 kysymly benziniň getirilýändigini nygtady.
2021-nji ýylyň alty aýynda Gruziýa benzin we dizel ýangyjynyň 532 müň 300 tonnasyny import etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34 müň 400 tonna ýa-da 6,9% , 2019-njy ýylyň degişli döwrüniň (pandemiýadan öňki döwür) görkezijilerinden 38 müň tonna ýa-da 7,7% ýokarydyr.
Birleşmäniň bellemegine görä, importyň köpelmeginiň esasy sebäpleriniň biri şu ýyl ykdysadyýetiň garaşylýandan has çalt dikelmegidir.
Gruziýanyň benzin we dizel ýangyjynyň importynyň iň uly möçberi Rumyniýanyň paýyna düşüp, ol 124 müň 300 tonna barabar boldy. Bu bolsa Gruziýanyň umumy importynyň 23,4% -ini emele getirdi.
Beýanata görä, degişli döwürde Russiýa (109 müň 700 tonna), Azerbaýjan (94 müň 200 tonna), Bolgariýa (57 müň 400 tonna), Gresiýa (11 müň 100 tonna), Türkiýe (8 müň 100 tonna) we Gazagystan (2 müň 500 tonna) benzin we dizel ýangyjyny Gruziýa eksport etdiler.
Geçen ýyl Gruziýa ilkinji gezek A-91 kysymly ýangyjy Türkmenistandan import etdi.