Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän “Guwlyduz” kärhanasy tarapyndan 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 48 müň 160 tonna nahar duzy gazylyp alyndy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar berşi ýaly, bu kärhana degişli döwürde nahar duzynyň önümçilik meýilnamasyny 103% ýerine ýetirdi.
Kärhanada nahar duzyndan başga-da tehniki duz hem öndürilýär. Bu ýerde taýýarlanylýan tehniki duzlar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda harytlyk görnüşine getirilýän nebit önümleriniň düzümini dünýä hil ülňülerine laýyk derejede arassalamakda giňden peýdalanylýar.
Mundan başga-da, kärhananyň önümi dokma pudagynda taýýarlanylýan ýüplükleriň reňkleriniň solmazlygyny gazanmakda, ýyladyş ulgamynyň işini kadaly ýola goýmakda we beýleki köp sanly ugurlarda ulanylýar.
“Guwlyduz” kärhanasy duz çykarmakda Merkezi Aziýa sebitinde birinji, dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär.