Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $74,6 milliona ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $74,6 milliona ýetdi
2021-nji ýylyň bäş aýynda Türkmenistandan Gazagystana edilen import 26 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 74 million 600 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründen 49% ýokarydyr. Bu barada “Finprom.kz” biznes we maliýe baradaky analitik portalynda sişenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu döwürde Türkmenistandan Gazagystana edilen import 26 million ABŞ dollaryna barabar bolup, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 80,3% köpdür.

Şol bir wagtyň özünde, 2021-nji ýylyň bäş aýynda Gazagystandan Türkmenistana edilen eksport 48 million 600 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Gazagystanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2 milliard 300 million ABŞ dollaryna ýetip, bu söwdalaryň üçden iki bölegi Özbegistana degişli bolup durýar.

2022