Türkmenistan Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatyna gatnaşdy
Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümet agzalary, ylmy edaralarynyň, jemgyýetçilik hem-de halkara edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 26-27-nji iýuly aralygynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde Howanyň üýtgemegi boýunça 4-nji Merkezi Aziýa maslahatyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň sişenbe güni habar berşi ýaly, maslahat Täjigistanyň Hökümeti bilen Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkezi (CAREC) tarapyndan “Aral deňzi basseýninde howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak we olary gowşatmak boýunça Maksatnamasy” atly Dünýä bankynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bilelikde alyp barýan taslamanyň çäklerinde geçirildi we ol CAREC-iň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlandy.

Habarda bellenilişi ýaly, çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak ulgamyndaky ministrlikleriniň ýolbaşçylary, parlamentleriň, döwlet, ylmy edaralarynyň, jemgyýetçilik hem-de halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy maksady raýat jemgyýetçiliginiň ornuny ýokarlandyrmak arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda howa meseleleri bilen bagly syýasaty durmuşa geçirmek boýunça dialogy ilerletmekden, howanyň oňaýsyz täsirleri barada habarlylygy ösdürmekden hem-de sebit döwletleriniň bu täsirleri azaltmaga has işjeň goşant goşmaklaryny we Pariž Ylalaşygynyň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Maslahatyň dowamynda 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Birleşen milletler guramasynyň (BMG) Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP-26) 26-njy mejlisine görülýän taýýarlyklara aýratyn üns berildi.

2022