Türkmenistanyň raýatynyň ýurtdan çykmak we girmek üçin pasportynyň (biometriki pasport) hereket ediş möhletleriniň uzaldylmagynyň täze tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlary özlerine bagly bolmadyk ýagdaýlar sebäpli daşary ýurt döwletlerinden Türkmenistana gelip bilmedik halatynda, resminamalarynyň güýjüni 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyp bilerler. Degişli tertip Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi sahypasynda ýaýradyldy.
Täze tertibe laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň biometriki pasportlarynyň hereket ediş möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwary - 2022-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygyndaky döwürde tamamlanan ýa-da tamamlanýan bolsa güýjüni uzaltmaga mümkinçiligi bardyr.
Biometriki pasportyň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bellikleri etmek üçin Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryna ýa-da konsullyk edaralaryna erkin görnüşde ýazylan arza bilen ýüz tutmaly we edaranyň işgärleri tarapyndan berlen anketany doldurmaly. Şeýle hem arzanyň ýanyna biometriki pasportyň asyl nusgasy bilen bir hatarda onuň nusgasyny we 3x4 ýa-da 4x5 sm ölçegdäki fotosuraty goşmaly. Arza elin gowşurlyp ýa-da poçta arkaly iberilip bilner.
Biometriki pasportyň möhleti ýörite möhür bilen tassyklanylýar we täzelenme baradaky maglumatlary elektron görnüşde saklaýan QR-kodly ýazgynyň ýerleşdirilmegi bilen uzaldylýar. Olar resminamanyň iç ýüzüne berkidilýär.
Bu hyzmat tölegsiz esasda ýerine ýetirilýär, ýöne arza poçta arkaly iberilen ýagdaýynda, ýüz tutujy poçta sargytlarynyň bahasyny tölemelidir.
Täze tertip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndaky Karary esasynda işlenilip düzüldi.