Duşanbede türkmen-täjik söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy seljerildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Duşanbede türkmen-täjik söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy seljerildi
Duşuşyga gatnaşyjylar geçirilen soňky mejlisiniň çözgütlerine laýyklykda bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde çarşenbe güni Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyna seljerme berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, toparyň türkmen bölegine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, täjik tarapyna bolsa Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Juma Daler Şofakir ýolbaşçylyk etdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar eksport-import amallarynyň gowulandyrylmagy, özara üpjün edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň göwrüminiň artdyrylmagy bilen birlikde söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamyndaky gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegine itergi berýän şertleriň kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar toparyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen soňky mejlisiniň çözgütlerine laýyklykda bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda energetika, senagat, oba hojalygy we suw serişdeleri ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň, şol sanda ulag pudagyndaky özara hereketleriň derwaýys ugurlaryna seredilip geçildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar Toparyň onunjy mejlisiniň teswirnamasyna gol çekdiler. Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň on birinji mejlisiniň 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilmegi kesgitlenildi. 

2022