Türkmenistanyň daşary söwda düzüminde üýtgeşmeler emele gelýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň daşary söwda düzüminde üýtgeşmeler emele gelýär
Importyň azalmagy esasan Türkmenistanda import önümleriniň ornuny tutýan syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylaşdyrylmagy 2021-nji ýylda Türkmenistanyň daşary söwdasynyň görkezijilerine oňyn täsir edýändigi bellenilýär diýip, Türkmenistan boýunça ykdysady bilermen Walentin Trapeznikow “CentralAsia.news” web sahypasynda iýul aýynyň ortasynda çap edilen teswirinde belleýär.

Bilermeniň aýtmagyna göra, şu ýylyň ilkinji dört aýynda daşary ýurt bazarlaryna Türkmenistandan ugradylan tebigy gazyň möçberi 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24,1%, nebit önümleriniň möçberi 23,5% we tebigy gazdan öndürilen benziniň möçberi 50,4% ýokarlandy.

Ýangyç-energetika toplumynyň önümleri bolan nebit koksunyň we beýleki nebit önümleriniň eksporty hem ýokarlanyp, olaryň möçberi degişlilikde 124,7% we 26,8% ösdi.

Şeýle hem Walentin Trapeznikow ýurdumyzyň 2021-nji ýylda daşary söwda düzüminde bolup geçen düýpli üýtgeşmelere ünsi çekdi. Şeýlelik bilen, şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýurdumyzyň nebithimiýa önümlerinden başga eksport edilen önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 69,1% ýokarlandy we 546 million 800 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. 2020-nji ýylda bu toplumyň umumy eksportdaky paýy 12,8%-e deň bolupdy, şu ýyl bolsa 21,7%-e ýetdi.

Şol bir wagtyň özünde, elektrik energiýasynyň eksportyndan gelen girdeji 55,5%, kükürt – 3 esse, dökünler – 36,5%, aýna we aýna önümleri – 105,2%, turbalar, şlanglar we plastmassadan ýasalan fitingler – 4 esse, dokma önümleri – 63,2%, ýod – 4,8%, ýüň – 49,8%, buýan köküniň şerbeti – 57,9%, konditer önümleri – 3,8 esse, gök önümler – 102,8% ösdi.

Bilermeniň bellemegine görã, daşary ýurt bazarlaryna ýurdumyzyň gök önümlerinden esasan hem pomidor (87% töweregi) eksport edildi. Bu Türkmenistanyň azyk eksportynyň esasy önümi bolup durýar. Degişli döwürde bahasy 41 million 400 müň ABŞ dollaryna barabar bolan 37 müň 600 tonna golaý pomidor eksport edildi. Şol bir wagtyň özünde eksportyň 92%-den gowragy Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesiniň (ÝYB) ýurtlaryna (Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Russiýa) iberildi.

Şu ýylyň ilkinji dört aýynda importyň umumy mukdary 1 milliard 690 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,4% azaldy. Şol bir wagtyň özünde tehnologiki enjamlaryň importy 23,7% ösdi, onuň çig malynyň we materiallarynyň importy bolsa 19,4% azaldy. Azyk däl sarp ediş harytlaryň importy 5,2%, azyk harytlarynyňky bolsa 11,5% azaldy.

Walentin Trapeznikowyň belleýşi ýaly, daşary söwdanyň geografiki gurluşynda-da möhüm üýtgeşmeler boldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ÝYB-niň ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygy 9% azaldy. Bu görkeziji Russiýadan importyň ep-esli (46,5%) azalmagy sebäpli ýüze çykdy. ÝYB-niň beýleki ýurtlary bilen Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy ýokarlanýar. Hususan-da, Ermenistana eksport 5 esse, Gazagystana we Gyrgyzystana takmynan 2 esse, Belarusa 22,6%, Russiýa bolsa 35% ösdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň eksporty Eýrana we Ukraina degişlilikde 5,6 esse, Birleşen Arap Emirliklerine 3,9 hem-de Türkiýä 1,9 esse ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň Hytaýa eksporty 21%-den gowrak peseldi, Hindistana we Azerbaýjana eksporty hem azaldy.

Bilermeniň aýtmagyna görä, importyň azalmagy esasan Türkmenistanda import önümleriniň ornuny tutýan syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Hususan-da, ýurdumyzda gurluşyk harytlarynyň, oba hojalyk önümleriniň, maldarçylyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň artmagy sebäpli demir çig mallarynyň we olaryň önümleriniň importy iki esse töweregi, süýt önümleri 1,5 esse, peýnir we doraglar 2,3 esse, goýadylan süýt 1,7 esse, et we et önümler 1,7 esse, tüwi 11 esseden gowrak, bugdaý takmynan 1,5 esse, gök önümler 1,25 esse, şol sanda sogan we sarymsak 1,5 esse, ýeralma 13% azaldy. Munuň bilen baglylykda, pomidoryň we hyýaryň, aprelde bolsa ýeralmanyň importy düýbünden diýen ýaly bes edildi.

Şeýlelikde, soňky bir ýarym ýylda Türkmenistanyň daşary söwdasynyň düzüminde önümiň sanawy we geografiki ugry boýunça möhüm üýtgeşmeler bolup geçdi. Munuň sebäbi, käbir harytlara bolan ykdysady hyrydarlygyň üýtgemegi, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we sosial ösüş ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrmagyny kesgitleýän durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr diýip, Walentin Trapeznikow belledi.

2022