BMG Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen täze Kararnamany kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMG Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen täze Kararnamany kabul etdi
DIM-iň ýolbaşçysy Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuahmedowy daşary syýasy ýeňşi bilen gutlady.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen koronawirus keseli döwürde we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin halkara ýük daşamalary üpjün etmek boýunça Kararnama kabul etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň (DIM) duşenbe güni habar berşi ýaly, bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly hasabat berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Bu Kararnama 48 döwlet awtordaşlyk etdi. DIM-iň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentini daşary syýasy ýeňşi bilen gutlady we döwlet Baştutanynyň öňe süren bu kararnamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilmeginiň pandemiýany we onuň ykdysady hem-de sosial täsirlerini ýeňip geçmek boýunça halkara we sebit tagallalary bilen utgaşýan durnukly ösüş üçin halkara ulag hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meselesine aýawly çemeleşmesiniň ýene bir tassyknamasy bolandygyny nygtady.

Bu kararnama Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014, 2015 we 2017-nji ýyllarda kabul edilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda özara hereketleri üpjün etmek baradaky kararnamalaryň üstüni ýetirdi.