“Milli önüm” her aýda 50 tonna polipropileni gaýtadan işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Milli önüm” her aýda 50 tonna polipropileni gaýtadan işleýär
Ýüpler 1,3 kilogram 5 kilograma çenli agramda öndürilýär.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Milli önüm” hususy kärhanasynda her aýda 50 tonna polipropilen gaýtadan işlenilip ondan ýyladyşhanalarda gök önümleri, bede, saman desselerini daňmak üçin ulanylýan ýüpler öndürilýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, önümçilik üçin çig mal Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, şeýle-de Gyýanlydaky polimer zawodyndan getirilýär. Ýüpler 1,3 kilogram 5 kilograma çenli agramda öndürilýär.

Kärhanada Germaniýanyň ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrylandyr. Bu ýerde öndürilen önümleriň esasy bölegi içerki bazara iberilip, olarda artan bölegini goňşy döwletlere eksport edilýär.

“Milli önüm” hususy kärhanasynda 15 sany hünärmen zähmet çekýär. Häzirki wagtda kompaniýa Gazagystan, Azerbaýjan, Gruziýa, Özbegistan ýaly ýurtlara önümlerini eksport etmek boýunça işleri amala aşyrýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022