Türkmenistan “KazanSummit 2021” halkara sammitine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan “KazanSummit 2021” halkara sammitine gatnaşdy
Bu çärä dünýäniň 60 ýurdundan, şeýle hem Russiýanyň 33 sebitinden 2 müň 500-den gowrak wekiller gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy 28-30-njy iýul aralygynda Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021” atly XII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy.

Konsullygyň metbugat beýanatynda duşenbe güni habar berilişi ýaly, bu çärä dünýäniň 60 ýurdundan, şeýle hem Russiýanyň 33 sebitinden 2 müň 500-den gowrak wekiller gatnaşdylar.

Sammite Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy, “Ak tam” we “Ak enar” hojalyk jemgyýetleriniň esaslandyryjysy Akbäbek Taganowa hem gatnaşdy.

“KazanSummit 2021”-iň çäginde onlarça tematik sessiýalar we tegelek stollar, şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň ýaş diplomatlar forumy geçirildi. Bu çärede esasan hem saglyk, “Halal” durmuş ýörelgesi, yslam maliýe gurallary, dünýäde pandemiýadan soňky ykdysady ösüşiň maýa goýumlary we geljegi ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit” halkara ykdysady sammiti Russiýa bilen Yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklar üçin platformadyr. Russiýanyň we Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasyna agza ýurtlaryň Halkara ykdysady sammiti ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirildi.

2022