Merkezi Aziýanyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň geňeşiniň döredilmegi meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýanyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň geňeşiniň döredilmegi meýilleşdirilýär
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Awaza, Türkmenistan

Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň bäştaraplaýyn geňeşini döretmegiň zerurdygyny bellediler. Bu barada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça bilelikdäki Beýannamada aýdylýar.

Beýannama laýyklykda täze geňeş söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika hem-de innowasion ugurlarda özara hyzmatdaşlyga belli bir maksada gönükdirilen we yzygiderli häsiýet bermek maksady bilen dörediler.

Sebitde maliýe ulgamyny bilelikde ösdürmek we maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, taraplar Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlaryny, şeýle hem daşary ýurt maýadarlaryny baglanyşdyrýan ykdysady platforma hökmünde Halkara “Astana” maliýe merkezini ulanmagy ylalaşdylar.

Mundan başga-da, Prezidentler Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) howandarlygynda ulag-kommunikasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň sebit merkezini döretmek hakynda özbek tarapynyň başlangyjyny goldadylar. Şeýlelik bilen taraplar goşulan bahanyň sebit ulgamyny we bilelikdäki senagat klasterlerini döretmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak arkaly özara söwdanyň möçberini artdyrmagy maksat edinýärler.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary “Demirgazyk – Günorta” we “Gündogar – Günbatar” halkara geçelgelerini bilelikde ösdürmek boýunça doly tagallalary ederler.

Şeýle-de Beýannamada Prezidentleriň özara söwdany artdyrmak, bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda serhetýaka çäklerde söwda-önümçilik merkezlerini, şeýle hem lomaý-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny ösdürmek maksady bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň işewür toparlarynyň hem-de sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işleri güýçlendirmek isleýändigi aýdylýar.

Taraplar özara haryt dolanyşygyny giňeltmegiň möhümdigini we sebitde söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça wezipeleri netijeli çözmek üçin özara bähbitli umumy çemeleşmeleri mundan beýläk-de işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belleýärler.