Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistana resmi iş saparyna çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistana resmi iş saparyna çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Özbegistandaky duşuşygy, 2019-njy ýylyň 28-nji noýabry (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistana resmi iş sapara çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni ýaýradan Özbegistanyň Prezidentiniň hormatly Prezidentimize iberen hatynda aýdylýar.

Hatda bellenilişi ýaly, Prezident Şawkat Mirziýoýew myhmansöýerlikli we mähirli garşylanandygy, hem-de Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň örän ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

“Siziň başlangyjyňyz boýunça geçirilen, maksatnamalara örän baý bolan nobatdaky konsultatiw duşuşyk örän netijeli boldy we onuň aýdyň netijeleriniň doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň müňýyllyklara uzaýan gatnaşyklary bilen bagly bolan biziň ähli halklarymyzyň düýpli bähbitlerine we umytlaryna laýyk gelýändigi gürrüňsizdir” diýip, Özbegistanyň Baştutanynyň hatynda nygtalýar.

Pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Prezidenti milli Liderimizi özi üçin amatly wagtda Özbegistana resmi iş sapara çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň çakylygy boýunça Prezident Şawkat Mirziýoýew 5-nji awgustda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022