Aşgabatda Hazar deňzini goramak boýunça ylmy-amaly maslahat geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Hazar deňzini goramak boýunça ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maslahata gatnaşyjylar altynjy Hazar sammitine taýýarlyk görmegi hem maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda çarşenbe güni “Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak we durnukly ösdürmek, onuň biologik gorlaryny durnukly we tygşytly peýdalanmak babatynda halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Halkara Hazar güni mynasybetli geçirilen çäre Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň ministrlikleriniň we müdirlikleriniň wekilleriniň hem-de Hazarýaka döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem dürli halkara guramalaryň gatnaşmagynda adaty we onlaýn görnüşde geçirildi.

Şeýle-de maslahatyň esasy mowzuklarynyň biri Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boldy. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça sazlaşdyryjy komitet (CASPCOM) tarapyndan 2023-nji ýyla çenli döwür üçin Hökümetara toplumlaýyn maksatnama durmuşa geçirilýär.

Mundan başga-da, maslahata gatnaşyjylar altynjy Hazar sammitine taýýarlyk görmegi, şeýle-de Sammitiň dowamynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalar bukjasynyň işläp düzmegi maslahatlaşdylar.

Halkara Hazar güni 12-nji awgustda Hazaryň bäş döwleti Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan tarapyndan bellenilýän ekologiki senedir. Şol gün 2006-njy ýylda Hazaryň deňzini we daşky gurşawyny hapalanmakdan goramak üçin Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Bu konwensiýa Hazar sebitiniň daşky gurşawyny goramak üçin umumy talaplary öz içine alýar we zerur institusional mehanizmleriň döredilmegini üpjün edýär.

2022