Türkmenistan Owganystandaky wakalary üns merkezinde saklaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Owganystandaky wakalary üns merkezinde saklaýar
Kabul, Owganystan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi (DIM) Owganystanda bolup geçýän wakalary üns merkezinde saklamagy dowam edýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Metbugat beýanatyna görä, türkmen tarapy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanyp, şeýle-de iki ýurduň halklarynyň taryhy hem-de medeni-siwilizasiýa umumylygyndan ugur alyp, Türkmenistan hemişe Owganystanyň içerki syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna düýpli gyzyklanma bildirýär. Türkmenistan owgan meseleleriniň syýasy-diplomatik usullaryň ulanylmagy arkaly parahatçylykly çözülmegine berk ygrarly bolmagynda galýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň nygtamagyna görä, Aşgabat Owganystandaky ýagdaýlaryň tiz wagtda kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär we bu ýurtda täze döwlet edaralarynyň ýakyn wagtda hukuk giňişliginde hem-de Owganystanda ýaşaýan ähli etniki toparlaryň hemmetaraplaýyn gatnaşmagynda dörediljekdigine ynam bildirýär.

Mundan başga-da, Daşary işler ministrligi türkmen-owgan serhedindäki “Ymamnazar-Akina” we “Serhetabad-Turgundy” barlag-gözegçilik nokatlarynyň adaty tertipde işleýändigini we iki ýurt tarapyndan kesgitlenen tertipde awtoulag tirkegleriniň we demir ýol wagonlarynyň gerekli bolan mukdarynyň geçmegini üpjün edýändigini nygtady.

DIM-iň belleýşi ýaly, Türkmenistan Owganystanda parahatçylygyň, raýat ylalaşygynyň hem-de durnuklylygyň, şeýle hem ykdysady, durmuş we ynsanperwer ösüşiň ýola goýulmagy babatynda özüniň owgan halkyna hemmetaraplaýyn goldaw bermeklige gönükdirilen oňyn işini dowam etdirer.

Şeýle-de Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy we Hyratdaky hem-de Mazari-Şerifdäki Baş konsullyklary adaty tertipde işlemeklerini dowam edýärler diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022