Ukrain kompaniýasy Türkmenistana 1,2 müň tonna turba eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ukrain kompaniýasy Türkmenistana 1,2 müň tonna turba eksport etdi
''Interpipe'' kompaniýasynyň önümleri GDA, Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Amerika we Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýär.

2021-nji ýylyň başyndan bäri Ukrainanyň senagat kompaniýasy “Interpipe” Türkmenistana 1 müň 200 tonna ýokary hilli turba eksport etdi. Bu barada “metalinfo.ru” elektron žurnalynda sişenbe güni habar berildi.

Habara görä, Türkmenistandaky nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmekde iş alyp barýan “Ýugneftegaz” kompaniýasy ukrain kompaniýasyndan 600 tonna ýokary hilli UPJ-P hyrly oturtma we sorujy-gysyjy turbalary satyn aldy. Şeýle-de UPJ-F birleşdiriji bogunsyz birikmeleri bolan önümleri sargyt etmek boýunça gepleşikleri geçirýär.

Mundan başga-da, şu ýylyň başynda “Interpipe” kompaniýasy “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda kompaniýa Türkmenistana maý-iýul aýlarynda 600 tonnadan gowrak ýokary hilli UPJ birikmeli turbalary iberdi. Şeýle hem häzirki wagtda “Ýugneftegaz” kompaniýasy 2021-nji ýylyň ahyryna çenli şertnama boýunça galan 400 tonna turbany ibermegi meýilleşdirýär.

“Interpipe” sepsiz turbalary we otlular üçin niýetlenen tigirleri öndüriji ukrain kompaniýasydyr. Kompaniýanyň önümleri GDA, Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Amerika we Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýär.

2022