Mary welaýatynda dürli maksatly täze binalar açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mary welaýatynda dürli maksatly täze binalar açyldy
Bu önümhana Mary çeper halyçylyk kärhanasyna degişli şeýle desgalaryň ýedinjisidir.

Mary welaýatynda duşenbe güni dürli maksatly täze desgalar açylyp ulanylmaga berildi. Baýramaly şäherinde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Kärhananyň gurluşygy “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň buýurmasy esasynda guruldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Habara görä, önümhana döwrebap ugurdaş enjamlar hem-de degişli inženerçilik-tehniki ulgamlar bilen üpjün edilendir. Iki gatly binada halyçylar üçin iş otaglary, ussahana, çig maly we taýýar önümi saklamak üçin ammar, naharhana, dynç alyş otagy, lukmanyň otagy we mejlisler zaly bardyr.

Bu önümhana Mary çeper halyçylyk kärhanasyna degişli şeýle desgalaryň ýedinjisidir.

Mundan başga-da, Mary şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrunda ýedi gatly 188 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy gurdy.

Durmuş maksatly täze desga häzirki zaman talaplaryna doly laýyklykda bina edildi. Bu ýaşaýyş jaýlar toplumy bäş bölekden ybarat bolup, olaryň birinji gatynda söwda ulgamynyň kärhanalary ýerleşdirilendir. Ýaşaýyş amatlylygyny üpjün etmek üçin degişli düzümler, şol sanda çagalar üçin oýun meýdançalary, awtoulag duralgalary göz öňünde tutulypdyr.

Mary welaýatdaky täze desgalar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda açyldy.

2022