Türkmen pagta meýdanlary ir hasyl berip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen pagta meýdanlary ir hasyl berip başlady
Ak bugdaý etrabyň pagta meýdanlarynyň aglaba böleginde “Ýolöten-7” atly orta süýümli gowaça ýetişdirilýär.

Ekin ösdürip ýetişdirmekde ulanylýan tehnologiýalaryň ähli talaplarynyň ýerine ýetirilmegi we kärendeçileriň tagallalary netijesinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň daýhan birleşikleriniň meýdanlarynda pagta ir hasyl berip başlady. Etrabyň pagta meýdanlarynyň aglaba böleginde “Ýolöten-7” atly orta süýümli gowaça ýetişdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, pagtanyň ir ýetişmegi diňe amatly howa şertleri bilen bagly bolman, eýsem daýhanlaryň häzirki zaman tehnologiýalary, ýokary hilli tohum we dökünler bilen üpjün edilýändigi bilen hem baglanşyklydyr.

Täze hasyl diňe el bilen däl, eýsem pagta ýygyjy kombaýnlaryň kömegi bilen hem ýygnalar. Şeýlelikde, häzirki wagtda kombaýnyň kömegi bilen ýygnaljak hasyl üçin ýerler eýýäm kesgitlenildi. Ýygym üçin 43 sany ulag taýýarlanyldy.

Geçen ýyl türkmen pagtaçylary döwlet sargydyny ýerine ýetirmek bilen 1 million 250 müň tonna pagta çig malyny döwlet harmanyna tabşyrdylar. Bugdaý üçin ekin meýdanlaryny azaldyp, pagta üçin giňeldilmegi sebäpli bu görkeziji ýurdumyzda ilkinji sapar gazanyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022