Türkmen DIM-i Kabuldaky Ilçihananyň golaýynda tussag edilenler baradaky habary tassyklamaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen DIM-i Kabuldaky Ilçihananyň golaýynda tussag edilenler baradaky habary tassyklamaýar
Kabul, Owganystan (Surat: "Xinhua")

Resmi Aşgabat Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasynyň binasynyň golaýynda partlaýjy enjamlar ýüze çykarylan daşary ýurt raýatlarynyň tussag edilendigi barada ýakynda käbir daşary ýurt habar beriş serişdelerinde çykan habarlary tassyklamaýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda bu habarlary howaýy maglumatlar hökmünde häsiýetlendirdi, şeýle-de Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasynda bu babatda haýsydyr-bir maglumatlaryň ýokdugyny mälim etdi.

Mundan öň käbir daşary ýurt habar beriş serişdeleri “Hindustan Times” gazetiniň “Twitter” arkaly ýaýradan maglumatyna salgylanyp, hamala iki gün mundan öň Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasynyň golaýynda birnäçe Pakistan raýatynyň elde ýasalan partlaýjy enjamlar bilen tussag edilendigini ýazypdylar.

Türkmenistan Owganystanda parahatçylygyň we ykdysady ösüşiň ýola goýulmagy babatynda owgan halkyna hemmetaraplaýyn goldaw bermäge dowam edýär. Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy, şeýle hem Hyratdaky hem-de Mazari-Şerifdäki Baş konsullyklary bolsa adaty tertipde işleýärler.

2022