Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle-de migrasiýa meselelerine jogapkär guramalarynyň wekilleriniň duşenbe güni owgan meselesi boýunça wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşigi geçirildi. Gepleşigiň dowamynda Owganystandaky häzirki ýagdaýlary, hususan-da, bu ýurtdaky syýasy ýagdaýlaryň barşyny hem-de olaryň sebitiň durnuklylygyna we howpsuzlygyna ýetirýän täsirini maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň habaryna görä, maslahat awstriýa tarapynyň başlangyjy bilen gurnaldy we oňa Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri ministri Aleksandr Şallenberg hem-de Awstriýanyň Içeri işler ministri Karl Nehammer wekilçilik etdiler.
Gepleşigiň barşynda sebit hem-de halkara ölçeglerinde hyzmatdaşlyk etmegiň kabul ederlikli gurallaryna syn bermek arkaly, bosgunlar we migrantlar bilen bagly ýagdaýlar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Owgan halkyna ynsanperwerlik hemaýatynyň berilmeginiň giňeldilmegi dogrusynda hem pikirler alşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bu ýurtdaky ähli jogapkär güýçleriň gatnaşmagynda Owganystandaky ýagdaýlaryň tizara kadalaşdyrylmagy, şeýle hem halkara bileleşiginiň bu meselä has çynlakaý mazmunda gatnaşmagy ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň bu ugurdaky nukdaýnazaryny beýan etdi. Türkmen tarapynyň Owganystanda parahatçylygyň kemala getirilmegini onuň esasy üç sany ugry, ýagny syýasy, ykdysady we durmuş-ynsanperwer ulgamlary boýunça ileri tutýandygy bellenilip geçildi.
Türkmenistan goňşy ýurduň ygtyýarly wekilleri bilen işjeň hem-de açyk gatnaşyklary saklaýar, serhetýaka sebitleriniň durnuklylygyny tassyklaýar hem-de iki ýurduň arasyndaky özara ylalaşyklaryň esasynda, ýük gatnawlarynyň, şeýle-de serhet nokatlarynyň işiniň talabalaýyk saklanylmagy ugrunda işleýär diýip, DIM-iň habarynda nygtalýar.
Şeýle-de gepleşikde Türkmenistanyň bar bolan meseleleriň ählisiniň diňe syýasy-diplomatik usullar hem-de serişdeler arkaly parahatçylykly ýollar bilen kadalaşdyrylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýändigi, bu bolsa ýurduň garaşsyzlygyna hem-de bitaraplyk derejesine eýe bolan pursadyndan bäri iş ýüzünde doly subut edilýär diýip aýratyn bellenildi.
Mundan başga-da maslahatda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolan Türkmenistanyň çylşyrymly häsiýete eýe bolan ynsanperwerlik ýagdaýlaryň oňyn çözülmegi babatynda uly tejribesiniň bardygy we halkara hyzmatdaşlaryny owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermegiň özara kabul ederlikli ýollarynyň gözlenilmegine we netijeli ulanylmagyna çagyrýandygy bellenildi.
Taraplar Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermek üçin anyk hereketleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen işjeň gatnaşyklary dowam etmek barada ylalaşdylar.