Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abu-Dabide gepleşikleri geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abu-Dabide gepleşikleri geçirdi
BAE-nyň Prezidentiniň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýanyň we Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň duşuşygy (Surat: WAM)

Birleşen Arap Emirlikleriniň premýer-ministriň orunbasary, Prezidentiniň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewi we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Abu Dabiniň Kasr Al Watan köşgünde kabul etdi. Bu barada BAE-nyň WAM döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Şeýh Mansur we Mätiýew dürli ugurlarda, esasan hem iki dostlukly ýurduň we halkynyň bähbidi üçin ykdysady, maýa goýum we ösüş ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de gepleşigiň barşynda ýokary derejeli diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşyga BAE-nyň Prezidentiniň işleri boýunça ministrliginiň Prezident protokolynyň başlygy Muhammet bin Abdullah Al Junaibi, BAE-nyň Merkezi bankynyň başlygy Halid Muhammet Salem Balama Al Tamimi, Prezidentiniň işleri boýunça ministrliginiň Döwlet dolandyryş pudagynyň ýerine ýetiriji sekretary Raşid Said Al Ameri we Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň (ADÖG) baş müdiri Muhammet Saif Al Suwaidi dagylar hem gatnaşdylar.

Iýun aýynyň başynda Türkmenistanyň Hökümeti we Abu-Dabi Ösüş gaznasy (ADÖG) Türkmenistanda howa menziliniň we gibrid usulda işleýän 10 megawatlyk elektrik stansiýasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin takmynan 100 million ABŞ dollaryna barabar bolan iki sany şertnama gol çekdiler.

2022