Türkmenistanyň edaralary wagtlaýynça çeýe iş tertibini girizýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň edaralary wagtlaýynça çeýe iş tertibini girizýärler
Täze iş tertibi kärhanada iş guramagyň aýratynlyklaryna baglylykda iş berijiniň islegine görä üýtgedilip bilner.

Dünýädäki häzirki çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýlar bilen baglanyşykly, möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ýurdumyzdaky eýeçilik görnüşine garamazdan, ähli edaralara wagtlaýynça çeýe iş tertibini girizmegi maslahat berýär. Bu barada “Orient” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Habara görä, iş tertibi baradaky maslahat beriş resminamasy ähli ministrliklere we pudaklaýyn edaralara, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň administrasiýalaryna, jemgyýetçilik guramalaryna, şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän ähli ýuridik şahslaryň salgylaryna iberildi.

Täze düzgünler Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 29-njy awgustda geçirilen mejlisinde kabul edilen çözgütler esasynda kabul edildi we ýurdumyzda öňden bäri alnyp barylýan öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Resminama laýyklykda, bir ýere üýşýän adamlaryn sanyny azaltmak maksady bilen işgärleriniň sany 100 adamdan az bolan edaralara Iş topary işgärleriň bir böleginiň iş wagtyny irden 8:00-dan agşam 5:00-a çenli, galan böleginiň bolsa irden 9:00-dan agşam 6:00-a çenli aralygynda gurnamaklygy buýurdy.

Şeýle-de resminamada işgärleriniň sany 100 adamdan köp bolan edaralarda işgärleriň 30%-ini irden 8:00-dan agşam 5:00-a, işgärleriň 40% -ini irden 9:00-dan agşam 6:00-a çenli, işgärleriň galan 30% -ini bolsa irden 10:00-dan agşam 7:00-a çenli iş ýerinde bolmagyny gurnamaklyk bellenilýär.

Täze iş tertibi kärhanada iş guramagyň aýratynlyklaryna baglylykda iş berijiniň islegine görä üýtgedilip bilner. Ýokardaky görkezilen iş gününiň başlamagy we tamamlanmagy üçin takmyny çeýe iş wagtynyň tertibi diňe 40 sagatlyk iş hepdesi we 8 sagatlyk iş güni bolan işgärlere degişlidir.