Türkiýäniň ykdysadyýeti ikinji çärýekde 21,7% ösüş gazandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýäniň ykdysadyýeti ikinji çärýekde 21,7% ösüş gazandy
Türk ykdysadyýetiniň ýylyň ikinji çärýegindäki ösüşine hyzmatlar we senagat pudagy, şeýle-de maglumat we kommunikasiýa ulgamy uly goşant goşdy. (Surat: AA)

Türkiýäniň ykdysadyýeti ikinji çärýekde 21,7% ýokarlanyp, mundan öň COVID-19 ýokanjy sebäpli girizilen çäklendirmeler netijesinde güýçli pese düşmeden soň gaýtadan dikeldi. Bu barada Türkiýäniň resmi maglumatlaryna salgylanyp, ýurduň “Daily Sabah” döwlet neşiri çarşenbe güni habar berdi.

Habara görä, bu görkeziji 1999-njy ýyldan bäri ýurtda iň ýokary ösüş depgini hasaplanýar.

Türkiýäniň Statistika baradaky edarasynyň maglumatlaryna görä, ikinji çärýekdäki ösüş bilen bilelikde ýurduň geçen ýylyň degişli döwründen bäri ýyllyk jemi içerki önümi 765,1 milliard ABŞ dollaryna (6,34 trillion lira) deň boldy. Ondan öňki ýyl bolsa bu görkeziji 741,1 milliard ABŞ dollaryna barabar bolupdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýurduň eksporty 59,9%, importy bolsa 19,2% ýokarlandy.

Türk ykdysadyýetiniň ýylyň ikinji çärýegindäki ösüşine hyzmatlar (45,8%) we senagat pudagy (40,5%), şeýle-de maglumat we kommunikasiýa ulgamy (25,3%) uly goşant goşdy.

Degişli döwürde gozgalmaýan emläk (3,7%), gurluşyk (3,1%) we oba hojalygy (2,3%) pudaklary beýlekilere görä haýal ösüş görkezdi.

Türkiýäniň Gazna we maliýe ministri Lütfi Elwan inflýasiýa garşy göreşmegiň möhümdigini belledi. Ýurduň durnukly we hemmetaraplaýyn ösüşi üçin pes inflýasiýa, walýuta hümmetiniň durnuklylygy möhüm ähmiýete eýedigini we ony amala aşyrmaga synanyşýandygyny Lütfi Elwan öz “Twitter” hasabynda aýtdy.

Anna güni yglan ediljek maglumatlarda awgust aýyndaky inflýasiýa iýul aýyndaky (18,95%) görkezijä ýakyn bolar diýip garaşylýar.

Ministr Elwan aprel-iýun aýlaryndaky ösüşiň 57%-ini maýa goýumlaryň we sap daşary ýurt islegleriniň düzýändigini aýtdy.

“Reuters” agentliginiň maglumatyna görä, Türkiýäniň jemi içerki önüminiň ösüşi baradaky maglumatlar ýaýradylandan soňra türk lirasynyň ABŞ dollaryna gatnaşykda hümmeti güýçlenip, 8,29-a bardy. Bir gün öň ol 8,32 lira deňdi.

Türkiýäniň ykdysadyýeti geçen ýylyň ikinji çärýeginde 10,4% peselendigine garamazdan ol geçen ýyl 1,8% ösdi. Türkiýe dünýäde pandemiýanyň başlangyç döwründe ösüş gazanan sanlyja döwletleriň biri boldy.