Russiýadan günebakar ýagynyň eksport salgydy $227,2 çenli ýokarlanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýadan günebakar ýagynyň eksport salgydy $227,2 çenli ýokarlanar
Sentýabr aýy üçin ýagyň her tonnasy üçin goşmaça goşulýan paç 169,9 ABŞ dollary möçberinde bellenildi. (Surat: RIA Nowosti)

Russiýadan günebakar ýagynyň eksporty üçin goşmaça goşulýan paçlar 1-nji oktýabrdan bir tonnasy üçin 227,2 ABŞ dollaryna çenli ýokarlanar. Bu paç görkeziji baha esaslanyp hasaplanýar. Häzirki günebakar ýagynyň bir tonnasynyň görkeziji bahasy 1332,7 ABŞ dollaryna deňdir. Bu barada ýurduň Oba hojalygy ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, “Interfaks” agentligi anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, sentýabr aýy üçin her tonnasy 1242,8 ABŞ dollaryna deň bolan görkeziji baha esaslanyp, ýagyň her tonnasy üçin goşmaça goşulýan paç 169,9 ABŞ dollary möçberinde bellenildi.

Russiýa 1-nji sentýabrdan günebakar ýagynyň eksporty üçin täze salgyt mehanizmini girizdi. Formula esasly kesgitlenýän eksport pajy 2022-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli hereket eder.

Eksport paçlarynyň möçberi 70% bolup, ol kesgitlenen baha (bir tonnasy 1 müň ABŞ dollary) bilen görkeziji bahanyň (aýda ortaça arifmetiki baha) arasyndaky tapawutdan alnar.

Russiýa bu möwsümde ösümlik ýagynyň çig malynyň eksportyna hem çäklendirmeleri girizýär. 1-nji iýuldan bäri günebakar ýagy üçin 50%, ýöne bir tonnasy üçin 320 ABŞ dollaryndan pes bolmadyk, raps ýagy üçin 30%, ýöne bir tonnasy üçin 165 ýewrodan az bolmadyk, soýa ýagyna 20%, ýöne bir tonnasy 100 ABŞ dollaryndan az bolmadyk eksport pajy hereket edýär. Bu pajyň hemmesi 2022-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli hereket eder. Bu eksport pajy Ýewraziýa ýurtlaryna ýag alynýan ösümlikleri ibermek üçin ulanylmaýar.

2022