Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ýörite wekilleriniň gepleşigi geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ýörite wekilleriniň gepleşigi geçirildi
Gepleşigiň dowamynda taraplar sebitiň ýurtlarynyň owgan ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi barada jikme-jik pikirler alyşdylar.

Sebitiň ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň ýekşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşigi geçirildi. Gepleşigiň barşynda Owganystandaky häzirki ýagdaýlar hem-de halkara bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, maslahata Türkmenistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi.

Gepleşigiň dowamynda taraplar sebitiň ýurtlarynyň owgan ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi barada jikme-jik pikirler alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň orunbasary Wepa Hajiýew Owganystanyň durnuklylygynyň, howpsuzlygynyň we durnukly ösüşiniň pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleriň çözgüdinde özarabaglanşykly häsiýete eýe bolan tagallalaryň utgaşdyrylmagy babatynda bilelikdäki hereketleriň sebitleýin formatynyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi.

Şeýle-de maslahatda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ugry boýunça, şol sanda energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda iri göwrümli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyna saldamly goşant goşýandygy nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçen çarşenbe güni Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bu goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji ynsanperwerlik kömegi bolup durýandyr.