Eýrandan üstaşyr geçirilen harytlaryň möçberi 94% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýrandan üstaşyr geçirilen harytlaryň möçberi 94% ýokarlandy
Häzirki Eýranyň senenamasynyň bäşinji aýynda Eýranyň üsti bilen 974 müň tonna ýük geçirildi.

Eýrandan üstaşyr geçirilen harytlaryň möçberi häzirki Eýranyň senenamasynyň bäşinji aýynda (23-nji iýuldan 22-nji awgusta çenli) geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 94% ýokarlandy. Bu barada Eýranyň gümrük gullugynyň (IRICA) metbugat sekretary Seýid Rouhollah Latifiniň aýdanlaryna salgylanyp, ýurduň “Tehran Times” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Latifiniň aýtmagyna görä, bir aýyň dowamynda Eýranyň üsti bilen 974 müň tonna ýük geçirildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 501 müň tonna barabar bolupdy.

Eýranyň gümrük gullugynyň başlygy Mehdi Mir-Aşrafiniň ýakynda beren beýanatyna görä, häzirki Eýran senenamasynyň ilkinji bäş aýynda (21-nji martdan-22-nji awgust aralygynda) Eýranyň üsti bilen 4 million 727 müň tonnadan gowrak ýük geçirildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 95% ýokarydyr.

Beýanatda bellenilişi ýaly, Eýranyň senenamasynda geçenki 1399-njy ýylda yurduň üsti bilen 7 million 532 müň tonnadan gowrak ýük daşalypdy.

Eýran dünýäniň 15 ýurdy bilen deňiz we gury ýer arkaly serhetleşýär we birnäçe wajyp halkara ulag geçelgeleri hem onuň çäginden geçýär.

2022