Russiýa GDA ýurtlaryndan oba hojalyk önümleriniň importyny artdyrmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa GDA ýurtlaryndan oba hojalyk önümleriniň importyny artdyrmakçy
Ilki bilen Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Täjigistandan we Belarus Respublikasyndan satyn alynýan azyk önümleriň artdyrylmagy meýilleşdirilýär

Russiýanyň wise-premýeri Wiktoriýa Abramçenko azyk önümleriniň bahalarynyň ösüş depginini peseltmek üçin GDA ýurtlaryndan oba hojalyk önümleriniň importynyň artmagynyň möhümdigini aýtdy. Bu barada Russiýanyň resmi metbugat gulluklaryna salgylanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda anna güni habar berildi.

Habara görä, ilki bilen Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Täjigistandan we Belarus Respublikasyndan satyn alynýan azyk önümleriň artdyrylmagy meýilleşdirilýär.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem GDA ýurtlaryndan miwe we gök önümleriň importyny artdyrmak barada görkezme beripdi.

Importyň ýokarlandyrylmagy azyk önümleriň bahalarynyň durnukly bolmagyny üpjün eder we bäsdeşligi ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň ýerli öndürijileriniň ösüşine itergi berer diýip, Russiýanyň Prezidentiniň görkezmesinde bellenilýär. Şeýle-de käbir önümleriň ýetmezçiligi olaryň beýleki ýurtlardan alynmagy bilen çözüler.

Şeýle hem Wladimir Putin Antimonopoliýa federal gullugyna bölek satuw nokatlarynda azyk önümleriniň bahalaryna gözegçiligi ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 10-njy awgusty ýagdaýynda Türkmenistandan Russiýa miweleriň we gök önümleriň eksporty geçen ýyl bilen deňeşdirilende 16 müň 900 tonnadan 32 müň 700 tonna çenli, ýagny 93% ýokarlandy. Ýurdumyz pomidor üpjünçiligini ep-esli ýokarlandyryp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16 müň 400 tonnadan 31 müň 900 tonna çenli, ýagny 94% artdyrdy. Mundan başga-da, 2021-nji ýylda türkmen käşiriniň Russiýa importy 40 tonnadan 302 tonna çenli ýokarlandy.

2022