“Ak bulut” hojalyk jemgyýeti Gyrgyzystana asma potoloklaryň 4 müň 200 inedördül metrini we Azerbaýjana asma potoloklaryň, T-24 profilleriň 21 müň inedördül metrini eksport etdi. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda kompaniýa tarapyndan bu önümleriň nobatdaky tapgyryny goňşy döwletleriň birnäçesine ugratmak boýunça eksport amallary dowam edýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ak bulut” HJ-niň önümçilik kärhanasynda potoloklaryň dürli görnüşleri, gips panelleri hem-de profilleri öndürilýär.
Bu hojalyk jemgyýeti golaýda önümleriniň hili, menejmentlik, işgärleriň hukuklary we beýleki wajyp görkezijiler boýunça halkara ISO güwänamasyny almak üçin barlaglardan üstünlikli geçmegi başardy.
“Ak bulut” HJ geljekde tehnologik ösüşleriň has soňky mümkinçiliklerini peýdalanmak arkaly, “akylly” potoloklardyr diwarlyklaryň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Bu ulgam öýüň ýa-da binanyň ulgamlaryny uzak aralykdan, sanly ulgam arkaly dolandyrmak mümkinçiligini üpjün eder.