Türkmenistanyň Prezidenti Duşanbede geçiriljek ŞHG-niň sammitine gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Duşanbede geçiriljek ŞHG-niň sammitine gatnaşar
Duşanbe, Täjigistan

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde 17-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşar. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrligi duşenbe güni metbugat beýanatynda habar berdi.

Beýanata görä, ŞHG-niň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan sammite Belarus Respublikasynyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Eýranyň, Mongoliýanyň Liderleri hem-de Hindistanyň we Pakistanyň premýer-ministrleri gatnaşarlar.

Duşuşyga ŞHG-niň Baş sekretary Wladimir Norow we ŞHG-niň Terrorçylyga garşy gurluşynyň ýerine ýetiriji komitetiniň müdiri Jumahon Giýosow hem gatnaşarlar. Şeýle-de sammite BMG-nyň Baş sekretary we sebit guramalarynyň - Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Köpçülikleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň, Aziýada gatnaşyk we ynam döretmek çäreleri boýunça guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşarlar.

Sammitde ŞHG-niň soňky 20 ýylda alyp barýan işleriniň netijeleri, guramanyň çägindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Döwlet Baştutanlary sebit we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşarlar hem-de COVID-19 pandemiýasy sebäpli dörän çökgünligiň netijelerini ýeňip geçmek üçin ŞHG-niň bilelikdäki ädimlerini maslahatlaşarlar diýip, Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda bellenilýär.

Metbugat beýanatyna görä, sammitiň netijeleri boýunça ŞHG-a agza ýurtlaryň ýolbaşçylary tarapyndan Eýrana guramanyň doly ygtyýarly agza derejesini hem-de Müsüre, Katara we Saud Arabystana dialog hyzmatdaşy derejesini bermek boýunça amallary başlamak barada karar kabul edilmegine garaşylýar.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda Duşanbe şäherinde geçiriljek ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrypdy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylda Hytaýyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Baştutanlary tarapyndan döredilen halkara guramadyr. Häzirki wagtda bu gurama Hindistan we Pakistan hem girýär. 2021-nji ýylda Täjigistan ŞHG-a başlyklyk edýär.