Raşid Meredow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen gepleşik geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Raşid Meredow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen gepleşik geçirdi
Abdul Salam Hanafi Owganystanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. (Surat: AFP)

Owganystanyň wagtlaýyn Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hem-de “Talyban” hereketiniň wekili Abdul Salam Hanafi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirdi. Bu barada “Talyban” hereketiniň wekili Muhammet Naimiň “Twitter” hasabyndaky maglumatlara salgylanyp, TASS agentligi duşenbe güni habar berdi.

Habara görä, Mawlawi Abdul Salam Hanafi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi we Owganystanyň iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýän meseleleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň başlygy hem öz gezeginde Hanafini Owganystanyň täze hökümetiniň döredilmegi bilen gutlady we Aşgabadyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly hem-de doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Meredowyň belleýşi ýaly, iki ýurt üçin iň möhüm taslamalar Owganystanyň demirgazygyndaky Faryab welaýatynyň Andhoý şäherinden geçýän Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagyndan, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginden, şeýle hem elektrik pudagynda bilelikdäki maksatnamalary amala aşyrylmagyndan ybaratdyr. Mundan başga-da, ministr Türkmenistanyň owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

Sentýabryň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bu bolsa goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji ynsanperwerlik kömegidir. 

2022