Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini ugratdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini ugratdy
Ynsanperwerlik ýüküniň gowşurylyş dabarasy Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça çarşenbe güni Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bu bolsa goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji ynsanperwerlik kömegi bolup durýandyr. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Habara görä, goňşy döwletiň zerurlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen, derman serişdeleri, lukmanlar üçin gorag eşikleri we esbaplary, zyýansyzlandyryjy serişdeler, dermanlyk erginler, gorag agyz-burun örtükleri, hirurgiki ellikler, koronawirus ýokanjynyň bejergisinde ulanylýan serişdeler hem-de dermanlar ýollanyldy.

Ynsanperwerlik ýüküniň gowşurylyş dabarasy Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde bu sebitiň welaýat ýolbaşçylarynyň, şeýle-de ol ýerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Owgan tarapy goňşy ýurda yzygiderli goldaw berýän Türkmenistanyň hökümetine hem-de halkyna çuňňur minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Şeýle-de energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamynda geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine ähmiýetli goşant goşýan Türkmenistan, Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly ýollar bilen kadalaşdyrylmagy ugrunda ysnyşykly häsiýete eýe bolan halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmegini dowam edýär diýip, habarda bellenilýär.

Sişenbe güni “Serhetabat–Turgundy” gözegçilik-göýberiş nokadynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda “Serhetabat–Turgundy” gümrük nokadynyň işiniň güýçlendirilmegi, hususan-da ondan geçirilýän ýükleriň göwrüminiň artdyrylmagy, şeýle-de zerur bolan lukmançylyk enjamlarynyň üpjün edilmeginde degişli hemaýatlaryň berilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.