Türkmenistanyň Prezidenti Duşanbe şäherinde täjik kärdeşi bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Duşanbe şäherinde täjik kärdeşi bilen duşuşdy
Türkmen Lideri Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Duşanbe geldi. (Surat: “Khovar” habarlar agentligi)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherindäki Milletler köşgünde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Täjigistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, türkmen Lideri Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Duşanbe şäherine geldi.

Duşanbe Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Täjigistanyň premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki döwlet wekilleri garşy aldylar.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlarynyň arasyndaky geçen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Prezidentler senagat, oba hojalygy, ulag we ýük daşamak pudaklarynda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi, Täjigistana haryt daşamak üçin türkmen deňiz portunyň ulanylmagy barada pikir alyşdylar, şeýle-de medeni we ynsanperwerlik ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny belläp geçdiler.

Sebitleýin meseleler boýunça gepleşikleriň dowamynda taraplar Owganystandaky häzirki ýagdaýa seretdiler we tiz wagtda ýurtda parahatçylygyň gazanylmagyny goldaýandyklaryny aýtdylar.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylda Hytaýyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Baştutanlary tarapyndan döredilen halkara guramadyr. Häzirki wagtda bu gurama Hindistan we Pakistan hem girýär. 2021-nji ýylda Täjigistan ŞHG-a başlyklyk edýär.