Türkmen kompaniýasy Russiýa we Gazagystana gök-bakja önümlerini eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy Russiýa we Gazagystana gök-bakja önümlerini eksport edýär
“Arzuwly tutum” daýhan hojalygy Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň çäginde 2 müň 200 gektar ýeri özleşdirýär.

“Arzuwly tutum” daýhan hojalygy şu ýyl üzümiň 27 tonnasyny Russiýa, gawunyň we soganyň hersiniň 20 tonnasyny Gazagystana eksport etdi. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habara görä, telekeçi Maksat Gurbandurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky “Arzuwly tutum” daýhan hojalygy Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň çäginde 99 ýyllyk möhleti bilen peýdalanmaga alan 2 müň 200 gektar ýeri özleşdirýär.

Daýhan hojalygy tarapyndan geljekde gawundyr garpyzyň, kädiniň onlarça tonnasyny Gazagystana eksport etmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Gökdepe hem-de Bäherden etraplarynyň çäklerinde oba hojalyk önümçiligi bilen meşgullanýan “Pessaý” daýhan hojalygy üzümiň 20 tonna golaýyny Russiýa eksport etdi. Kärhana geljekde eksport mümkinçiligini 540 tonna çenli artdyrmagy maksat edinýär.

Ýakynda “Miweli ülke” hususy kärhanasy Dubaýa ilkinji gezek gawunyň “Gülaby” sortuny eksport edipdi.

2022