SNGIZ 135,2 müň tonna benzin öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
SNGIZ 135,2 müň tonna benzin öndürdi
SNGIZ ýylda 6 million tonna nebiti gaýtadan işlemek üçin niýetlenendir.

2021-nji ýylyň başyndan bäri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (SNGIZ) dürli kysymly benzinleriň 135 müň 200 tonnasy öndürildi, önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 158,9%-e deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetinde sişenbe güni habar berildi.

Habara görä, şeýle-de zawod dizel ýangyjy, agyr wakum gazoýly, ýol bitumy ýaly beýleki önümleriň hem önümçiliginiň ýokary ösüş depginini görkezdi.

Şu ýylyň başyndan bäri önümçilik kärhanasynda dizel ýangyjynyň öndürilişi 77 müň 600 tonna, agyr wakum gazoýly 22 müň 800 tonnadan gowrak we ýol bitumy 19 müň 500 tonna deň boldy.

Şeýlelik bilen, kärhana hasabat döwründe öndürýän önümleriniň görnüşleriniň aglaba böleginiň önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirdi.

SNGIZ ýylda 6 million tonna nebiti gaýtadan işlemek üçin niýetlenendir. 2015-nji ýylda zawodyň düzüminde ýyllyk kuwwaty 37 müň 200 tonna bolan ýol bitumyny öndürmäge ukyply desga guruldy.

2017-nji ýylda bolsa SNGIZ-de önümçilik kuwwaty ýyllyk 500 müň tonna barabar bolan ýokary oktanly benzin öndürýän desga işe girizildi.