ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlary işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlary işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekçi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bu görnüşdäki gepleşikleriň sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini giňişleýin maslahatlaşmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde çarşenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň “C5+1” formatynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de ABŞ-nyň işewürler düzümleriniň işjeň özara hereket etmegi üçin ýörite platformanyň döredilmegi baradaky pikir beýan edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, “C5+1” formatyň ýurtlarynyň ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça mümkinçiliklerini berkitmegiň hem-de giňeltmegiň derwaýyslygy bellenilip geçildi.

Maslahatyň barşynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary hem-de Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri “C5+1” sebitleýin diplomatik platformasynyň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen, onuň 2021-nji ýylyň dowamynda owgan meseleleriniň, COVID-19, ykdysady gatnaşyklaryň hem-de howanyň üýtgemeginiň meseleleriniň utgaşdyrylmagy boýunça derwaýys gepleşikleriň ilerledilmegindäki netijeliligini belläp geçdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bu görnüşdäki gepleşikleriň sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga hem-de olar boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berýändigini nygtady.

Şeýle hem ministrler Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlaryň oňyn çözülmegine gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, özara isleg bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça bu ýurduň täze hökümeti bilen açyk hem-de özara ylalaşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň derwaýyslygy bellenildi.

Mundan başga-da, gepleşikleriň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda, howanyň üýtgemegine we ekologiki meselelere garşy göreşmek, sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň giňeldilmegi netijeli gatnaşyklaryň derwaýys ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

“C5+1” formaty Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu maksatnama ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar.

2022