“Lukoýl” kompaniýasy “Dostluk” ýatagynyň operatory bolmaga isleg bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lukoýl” kompaniýasy “Dostluk” ýatagynyň operatory bolmaga isleg bildirýär
“Lukoýl” Azerbaýjanyň nebit-gaz pudagynda işläp başlan ilkinji kompaniýalardan biridir. (Surat: “Lukoýl”)

Russiýanyň “Lukoýl” hususy nebit kompaniýasy Hazar deňzindäki türkmen-azerbaýjan “Dostluk” ýatagynyň özleşdirilmegine operator hökmünde gatnaşmak isleýändigini mälim etdi. Bu barada Azerbaýjanyň Energetika ministri Parwiz Şahbazow geçen hepde “Newtegazowaýa wertikal” žurnalyna beren interwýusynda habar berdi.

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek we ösdürmek boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekilipdi diýip, ministr belledi. “Lukoýl” kompaniýasy “Dostluk” ýatagynyň operatory hökmünde gatnaşmak isleýändigini aýtdy diýip, Parwiz Şahbazow sözüniň üstüne ýetirdi.

Şeýle hem 2021-nji ýylyň aprel aýyna çenli rus kompaniýalarynyň Azerbaýjanyň nebit-gaz pudagyna umumy maýa goýumlarynyň 4 milliard 900 million ABŞ dollaryna barabar bolandygyny Şahbazow aýtdy.

Ministriň aýtmagyna görä, “Lukoýl” Azerbaýjanyň nebit-gaz pudagynda işläp başlan ilkinji kompaniýalardan biridir. Kompaniýa öz işine 1990-njy ýyllaryň başynda “Azeri-Çirag-Güneşli” ýatagyny özleşdirmek taslamasy bilen başlady.

Şeýle hem kompaniýa dünýädäki iň uly taslamalaryň bir bolan “Şah Deniz” gazkondensat ýatagyny özleşdirilmegine gatnaşýar. Mundan başga-da, kompaniýa Günorta Kawkaz gaz geçiriji arkaly Ýewropa iberilýän tebigy gaz taslamasynyň 10% paýyna eýedir. “Lukoýl” kompaniýasynyň Azerbaýjanda öz ýangyç guýujy beketleri hem bardyr diýip, ministr Şabazow aýtdy.

Bilermenler “Dostluk” ýatagynyň ätiýaçlyk gorunyň takmynan 50 million tonna nebite barabardygyny çaklaýarlar. “Dostluk” uglewodorod ýatagynyň serişdeleriniň 30%-niň Azerbaýjanyň we 70%-niň Türkmenistanyň paýyna düşmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji fewralda Russiýanyň “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen geçiren duşuşygynda “Lukoýl” kompaniýasynyň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini Türkmenistanyň goldaýandygyny hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022