Aşgabatda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi
Garaşsyzlygyň 30 ýylynda türkmen döwletiniň gazanan üstünlikleri umumymilli çäräniň gün tertibinde maslahatlaşylan esasy tema boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk etmeginde şenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşulylary, şeýle hem ilatyň ynanylýan wekilleri gatnaşdylar.

Garaşsyzlygyň 30 ýylynda türkmen döwletiniň gazanan üstünlikleri umumymilli çäräniň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşylan esasy tema boldy. Ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda özygtyýarly ösüş ýyllarynda ýurduň gazanan ägirt uly sepgitlerini kanagatlanma bilen belledi. Şanly senäniň ähmiýetini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ýubileý senäniň saýlanan döredijilik ýolunda nobatdaky ynamly ädim hökmünde döwletiň häzirki zaman taryhyny ýazjakdygyny nygtady.

Habara görä, Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň dowamynda kuwwatly ykdysady ösüşiň çuňňur binýadynyň esaslandyrylmagyna ünsi çekmek bilen, milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.

Mejlisiň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli zähmetde tapawutlanan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permanlara gol çekdi.

2022