Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň söwda öýüniň açylmagy meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň söwda öýüniň açylmagy meýilleşdirilýär
Sankt-Peterburgyň Söwda öýi täze guruljak “Aşgabat city” toplumynda bina edilmegi meýilleşdirilýär. (Surat: Sankt-Peterburgyň administrasiýasy)

Aşgabatda Sankt-Peterburgyň Söwda öýüniň we Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Söwda öýüniň açylmagy meýilleşdirýärler. Bilelikdäki iş ugurlary ýekşenbe güni Aşgabatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Serdar Berdimuhamedowyň we Raşid Meredowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli resmi iş sapary bilen paýtagtymyza gelen gubernator Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky Sankt-Peterburg hökümetiniň wekiliýeti bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýanyň demirgazyk paýtagtynyň administrasiýasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, söhbetdeşlikde taraplar ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugrundaky meseleleri maslahatlaşdylar.

Habara görä, 2021-nji ýylda Sankt-Peterburgyň Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy takmynan 30% ýokarlandy. Aleksandr Beglow Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň we Türkmenistanda Sankt-Peterburgyň Söwda öýleriniň açylmagynyň söwda dolanyşygynyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.

Sankt-Peterburgyň Söwda öýi täze guruljak “Aşgabat city” toplumynda bina edilmegi meýilleşdirilýär. Ol “Akylly şäher” ýörelgelerine laýyklykda gurlar. Onuň gurluşygyna Sankt-Peterburgyň gurluşyk kompaniýalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem gubernator Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň wekiliýetini 2021-nji ýylyň 10-12-nji noýabrynda geçiriljek Sankt-Peterburgyň innowasiýalar forumyna çagyrdy.

Türkmenistanda öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda satuwlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Russiýa, Belarus, Gyrgyzystan, Owganystan, Türkiýe, Hytaý ýaly onlarça ýurtlarda söwda öýleri açyldy.